Ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ösüşlere eýe bolýar.Türkmen halky asudalygyň, parahatçylygyň, jebisligiň, bagtyýarlygyň eýesi bolup, durmuşyň we asuda zamanaň eşretine buýsanyp ýaşaýar.Munuň özi ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny, belent üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän ilata, giň gerimli işlerin durmuşa geçirmekde ýeterlik derejede goldaw berilýär.Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda esasanam hususyýetçiligi goldamaga, telekeçilik işiniň gerimini giňeltmäge ähmiýet berilýär,hususy işewürler döwlet tarapyndan goldanylýar.Döwlete dahylsyz ulgamy goldamak boýunça yzygiderli geçirilýän işler babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge hem-de , türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamaga we telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.
Türkmen topragy Halkyň nazar salan topragy.Bu toprak kesewini dürtseň gögerdýär.Idegini ýetirseň , ýere sepilen her bir dänäňi müň edip, yzyna gaýtarýar.Biziň ata babalarymyzdan nesilden-nesle geçen il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, töwerek daşyňa sylaşykly bolmak, ýagşy işleri durmuşa geçirmek,birek- birege hemaýat, goldaw bermek ýaly türkmeniň köki-damarynda siňen, ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýän nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň ägirt uly baýlyk hazynasydyr.
Şeýle hazynaň eýeleri bolan, sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň giňeldilmegi, ýeňil we azyk senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde hyzmat we söwda ulgamynyň ösdürilmegine öz ýerlikli goşandyny goşýan,ökde türkmen telekeçilerimiz, ýylyň- ýylyna öz wezipe borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirip gelýärler.Bu gün hem şeýle käriň ökde ussady , nusga alarlyk üstünlikler eýesi bolan telekeçi Azat Gurbanow hakynda geçiren söhbetdeşliklerimiz esasynda birnäçe täsirli maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Telekeçi şeýle-de “Kanagatly nesil” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Azat Gurbanow ýurdumyzyň günorta-gündogar welaýaty bolan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda dünýä inen.Ol Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebinde bilim alýar. Şeýle-de ol Türkiýe döwletiniň Istanbul şäherinde Tuzla Endustri meslek liseýinde okaýar liseýi tamamlanyndan soňra, Ankara uniwersitetiniň Oba hojalyk uniwersiteinde azyk iženerçiligi bölüminde okuwa başlaýar.Azat Gurbanow 2006-njy ýylda, ýaşlygyndan bäri özünde gyzyklanma döreden telekeçilik ugry bilen meşgullanyp başlaýar.2017-nji ýyla çenli dürli görnüşli sanitar- gigiýeniki arassaçylyk önümleriniň lomaý söwdasy bilen meşgullanýar.Ondan başgada telekeçi Azat Gurbanow oba hojalyk ösümlikleriniň aýratyn görnüşleri bilen yzygiderli gyzyklanýar.Ol hurma we injir agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin birnäçe tejribeliklerinde synag geçirmek esasynda, her möwsümde hurma agajynyň 60 müň sany, injir agajynyň 1000 sany şitilini üstünlikli öndürýär.
Azat Gurbanow dünýä ýüzünde önüm öndürmekde ýokary serişde hökmünde tanalýan Pawlowniýa agajynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda hem birnäçe işler alyp barýar. Üstünlikli netije bilen bäş ýylyň dowamynda pawlowniýa agaçlarynyň tebigy (lat.Pawlownia Tomentosa) we gibrid görnüşlerininiň nahallaryny (M-1,Z-0,7,FTE,Shang-tong) ösdürip ýetişdirmegi ýola goýýar. Bu günki günde köpçülik üçin täzelik bolan pawlowniýadan dünýäde dekoratiw agaç hökmünde köçeler,dynç alyş mesgenler,seýilgähler,landşaft mesgenlerinde giňden peýdalanylýar.Emma dünýäde gymmatbahaly agaç hökmünde ekilýän pawlowniýa agajy diňe bir dekoratiw maksatda ekilýänligi üçin däl-de, gymmat bahaly häsiýetli alamatlary bolany üçin has ähmiýetli hasaplanýar.Bedeni çynar agajyna, boýy derek agajyna meňzeş bolan, bu agajyň her bir bölegi köpdürli pudaklara peýda getirýär.Ol gülläninde balarylar üçin amatly nektar çeşmesi bolup, bir aýyň dowamynda öz hoşboý ysy bilen her kimiň ünsüni özüne çekýär.Güllerinden kosmetika senagatynda giňden peýdalanýarlar. Pawlowniýa agajynyň ýapraklary örän uly adatça 70 santimetre çenli ýetip bilýär.Gurak yssy döwürlerde bolsa kölegesi salkyn, jana ýakymly hasaplanýar.Sowuk düşüp başlanda pawlowniýa hem beýleki agaçlar ýaly ýapraklaryny dökýär.Onuň guran ýapraklaryny ot –iým hökmünde ulanmaklyk mallar üçin has ýokumly iýmit bolup hyzmat edýändir.Agaç ýapraklaryndan we şahalaryndan ýygnalan çykyndylardan köp mukdarda bioýangyç hem almak mümkindir.Imperator agajy,Melike agajy ýaly atlary bilen meşhur Pawlowniýanyň dörän ýeri Günorta we Günorta-gündogar Aziýa ýurlary hasaplanýar.Esasan Hytaý we Ýaponiýa döwletlerinde pawlowniýa agajyny köpeldip ondan mebel önümlerini almaklyk ýöriteleşen we ösendir.Häzirki wagtda täsin tebigaty, gymmatbahaly önümleriň çeşmesi bolan şeýle-de örän çalt ösüşe eýe bolan bu agaç görnüşi, telekeçi Azat Gurbanowyň tejribesi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýär.Ol özüniň hususy kärhanasynda alyp barýan işleriniň çäginde bu günki günde pawlowniýa agaçlarynyň ýylda 100 müň sany şitillerini ösdürip ýetişdirýär.Şol işiniň daşyndan telekeçi Göýül (lat.Capparis.sp ) ösümligininiň ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklaryny öwrenip barýar.Ol nesip bolsa gelejekki ýyllarda bu ösümligiň ýüz müň şitilini ösdirip ýetişdirmegi maksat edinýär.
Telekeçi Azat Gurbanow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky Botanika bagynda 2011-nji ýylda ýurdumyza getirilen şeker oty Stewiýa ösümliginiň iki gibrid görnüşini Türkiýe we Koreýa döwletlerinden getirip köpeltmek işini amala aşyryp gelýär.Stewiýa ösümligi häzirki döwürde gant almakda dünýäniň dürli sebitlerinde örän ähmiýetli ekin hasaplanýar.Bize getirilen bu iki görnüşler özünde stweiýa ösümliginiň başga görnüş sortlaryna seredende, stewioziod mukdaryny köp saklaýar Lewent 93(stewioziod 18-20%),Corella(stewioziod 14-15%).
Ol bu günki günde tut agajyny ösdürip ýetişdirmek bilen birlikde, ýüpek gurçugyny idetmekligi hem göz öňünde tutýar.Bu babatda Hytaý döwletinden getirilen tut agajynyň ösdürip ýetişdiriliş şertlerini synag edýär.Şeýle-de ol Çomuç ösümliginiň ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklaryny öwrenip başlajakdygy hakynda gürrüň berdi.Oba hojalygy we azyk senagaty işiniň ugrunda ýeňil bolmadyk telekeçilik käri bilen öz hususy kärhanasyny ýöredip gelýän Azat Gurbanow öz wezipeli işini işewürlik bilen ýerine ýetirip, ýurtda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmäge nusga alarlyk ýerlikli goşandyny goşýar.Bu bolsa telekeçilik işini amala aşyrmakda Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.
Taýýarlan:
Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler