Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-gumanitar ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Döwletimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary, biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barha äşgär bolýar. Islendik hünärmene öz saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny durmuş talap edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda öňde goýlan möhüm wezipelerinden ugur alyp, daşary ýurt dillerini öwrenmek we bilmek bolsa adamyň medeniýet derejesini kesgitleýär, dürli medeniýetleriň arabaglanşygyny guramakda uly orny eýeleýär.
Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen iňlis dili dersi boýunça bäsleşik hem oňa şaýatlyk etdi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçen bu bäsleşik örän ähmiýetli we çekeleşikli geçdi. Bäsleşikde 1-nji, 2-nji, 3-nji ýyllarda okaýan talyplar hödürlenen şertler boýunça çykyş etdiler. Ýaşlaryň iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini, dil başarnygynyň täze derejesini, jemgyýetçilik we döredijilik işjeňligini artdyrmaklygy hem-de zehinli talyplary ýüze çykarmaklygy talap eden bu şertler örän gyzykly we çekeleşikli geçip, talyplarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşige emin agzalar tarapyndan mynasyp baha berlip, oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebimiziň hormat haty bilen sylaglandylar.
.
Gülşirin Otuzowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Teswirler