Pyragynyň setirlerinde türkmen zenanyň waspy

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen zenanlarynyň keşbi

Dünýä medeniýetine uly goşant goşup, türkmen halkynyň adyny arşa göteren beýik şahyrymyz hem akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda döreden şygyrlary, dürli halklaryň dillerine terjime edilip, dünýä ýaýrady. Onuň sopuçylyk, liriki, pendi-nesihat, dini häsiýetli şygyrlary her bir adamyň kalbyndan uly orun aldy.

Aslynda, türkmen halky gadym döwürlerden bäri hem zenanlara öýüň-ojagyň hudaýy hökmünde garapdyr. Biziň Watanymyzyň çäklerinde gadymy medeniýetleriň taryhy ýadygärliklerinden tapylan heýkeljiklerde zenanlaryň şekillendirilmegi-de muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halky aýal-gyzlara aýratyn sarpa goýýar. Biziň halkymyzyň zergärçilik sungatynyň hem aglaba bölegi aýal-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleri bilen baglanyşyklydyr. Asyrlaryň dowamynda bu sungat kämilleşip gelipdir. Biziň bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy hem ussat zergär bolupdyr. Elbetde, bu hem belli bir derejede dana şahyrymyzyň aýal-gyzlara goýan çäksiz sarpasyndan bir nyşan bolsa gerek.

Magtymgulynyň döredijiliginde aýal-gyzlar meselesi uly orun tutýar. Ol beýik söz ussady bolmak bilen, döwrüniň mümkinçiiiklerine laýyklykda, aýal-gyzlaryň ynsançylyk hukuklaryny goramak, maşgala durmuşyny hakyky söýgi esasynda guramak ýaly pikirleri hem öňe sürüpdir. O1 geljekki nesliň päk we arassa bolmagy üçin ýigitler bilen deň hatarda, gyz-gelinleriň hem asylly-ahlakly, edepli-ekramly, mylaýym hem mähriban bolmaklygyny ündäpdir. Jemgyýetdäki duş gelýän biri-birine mynasyp bolmadyk nikany ýazgarypdyr we ony nogsanlyk hasaplapdyr.

Şahyryň döredijiliginde söýgi temasy hem aýratyn bellärliklidir. O1 öz döredijiliginde päk söýgini ýöne bir çeper wasp etmän, eýsem, päk söýginiň nähili bolmalydygyny, ony nähili goramalydygyny, şol bir wagtyň özünde-de bu pynhan duýgynyň arassa we päk bolmalydygyny düşündirmegi başaran akyldardyr.

Magtymguly öz obadaşy Meňli diýen bir gyzy gowy görüp, onuň şanyna birnäçe goşgy ýazypdyr. Şahyryň:

Perde tartyp ýüzlerime,

 Paýyş berip sözlerime. 

Magtymguly, gözlerime,

 Ýeke Meňli han görüner

diýen ýaly setirleri onuň Meňlini çyn ýürekden söýendigini görkezýär. Emma halk arasyndaky birnäçe rowaýatlarda we şahyryň käbir şygyrlarynda beýan edişine görä, olaryň biri-birine gowuşmaga mümkinçilik bolmandyr. Meňlini ene-atasy başga birine durmuşa çykarypdyr. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky aşakdaky ýaly setirler bu rowaýaty tassyklaýar:

Illeri bar diňli-diňli,

 Sowuk suwly ter öleňli,

 Hi Gökleň, ady Meňli,

 Näzli dildardan aýryldym.

Şeýlelikde, Magtymgula Meňli bilen durmuş gurmak miýesser bolmaýar. O1 şol döwrüň dakylma adatynyň oduna köýýär. Şahyra Akgyz atly ýeňňesini dakýarlar. Bu ýagdaý şahyryň döredijiliginde ýitmejek yz galdyrýar.

Magtymgulynyň şygyrlar diwanynda jemlenen goşgularyň içinde zenan keşbini wasp edýän goşgular barmak basyp sanardan köpdür. Biz onuň birnäçe goşgusynyň üstünde durup geçmegi makul bildik. Türkmen zenanlarynyň diňe bir sungat äleminde däl, eýsem, olaryň tebigy owadanlygy hem şahyryň ünsüni özüne çekipdir.

O1 şahyrana sözleri ussatlyk bilen ulanyp, türkmeniň gyz-gelinlerini, şu dünýäniň bezegine, many-mazmunyna deňäpdir. Mysal üçin, «Duz hem bolmasa» atly goşgusynda, Magtymguly şeýle ýazýar:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa

diýmek bilen, gelin-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny aýdyň kesgitläpdir.

Gelin-gyzlar Magtymguly Pyragy üçin durmuşyň lezzeti, eşreti hasaplanýar. Gelin-gyzlar bar ýerinde, mähir-muhabbet bar, yşk-söýgi bar. Gelin-gyzlara bolan söýgi -durmuşy herekete getirýär, adamy arşa çykarýar.

Magtymguly Pyragy gelin-gyzlaryň owadanlygyny Güne deňäp, «Gözel sen» atly goşgusynda:

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy gözel sen

diýip, türkmen gelin-gyzlaryny Gün bilen bäsleşýän nurana ýalkyma deňeýär. «Gaşlaryňa» atly goşgusynda beýik akyldar türkmen zenanlarynyň gözleridir gaşlaryny wasp edýär. Ussat şahyr öz halan gyzyna öýlenip bilmese-de, türkmen zenanlarynyň keşbini, görmegeýligini wasp edipdir.

Akyldar şahyrymyz «Gelin-gyzlar bolmasa, durmuşyň özi duzsuz tagama meňzär, mähre baý gözeller bolmasa, onda eşretli durmuş, şadyýanlyk hem bolmaz» diýip, gelin-gyzlary zeminiň bezegi hasaplapdyr.

Mähirli gelin-gyzlarymyz diňe bir owadanlyk äleminde däl, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda-da uly ähmiýetli işleri alyp barýarlar.

Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» atly şygrynda:

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

 Anyň hyzmatynda durasyň geler.

 Edepli, ekramly mylaýymzada, 

Tä ölinçäň bile bolasyň geler

diýen setirler bar. Şeýdip, akyldar şahyrymyz türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramyny wasp edipdir.

Aýna MAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Oguljan

Salam makalany su saytda nadip paylasyp bolya