Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda giňden bellenilip geçilýär. Bu iň gadymy halkara baýramçylyk bolup, ony ilkinji gezek 1925-nji ýylda çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilýär. Çagalar güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda geçirilýär. Çagalaryň meselelerine köpçüligiň ünsüni çekmek, bu halkara gününiň esasy maksady bolup durýar.
Çagalaryň ähli hukuklary we azatlyklary bolsa, 1959-njy ýylda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çaga Hukuklary Jarnamasynda öz beýanyny tapýar. Jarnama jemgyýetiniň gelip çykyşyna, milletine, emläk ýagdaýyna, derisiniň reňkine garamazdan, ähli babatda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär.
Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulaşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat fondlary hereket edýär. Ýalňyz çagalara kömek etmek üçin serişdeleriň ýygnalmagyna bu fond gözegçilik edýär.
Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň gerimde bellenilýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly çagalaryň ülkesi. Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!
.
Döwlet JUMAGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklaryinstitutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler