Çagalar üçin ajaýyp sowgat

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşliginiň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde “Halkara çagalar güni” mynasybetli mekdep ýaşyna ýetmedik, kiçi ýaşly çagalary we mekdep okuwçylary üçin konsert gurnaldy. Bu dabarada konserwatoriýamyzyň ýaş aýdymçylary, Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynyň işgärleri, Jahan döredijilik tansçylar topary çykyş etdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýamyzyň talyplary Gülnäz Geldiýewanyň we Güljemal Taýlyýewanyň alyp barmagynda aýdymçylarymyz D.Şammyýew, B.Huseýinow, B.Maşadowa, T.Baýramowa, H.Kakaýewa, M.Şaripow, A.Bazarow, J.Mekanowa, dagylaryň ýerine ýetirmeginde “Habibi”, “Bak-bak”, “Tut i tam”, “Lost in Japan”, “Ne sendedir ne mende”, “Bastik her ýerde”, “Daşly gala”, “Laçiatami”, “There’s Nuthing Holdin Me Back”, “Try everything”, “Pappuri”, “Küşdepdi” ýaly ajaýyp aýdym-sazlaryň ýaňlanmagynda “Estrada” orkestrimiz sazandarlyk etdi.

Şeýle hem 4-nji Çagalar sungat mekdebiniň “Hor” toparynyň ýerine ýetirmeginde “Ülkämiň toý saçagynda”, “Fransis”, “Aşgabat” we “Jahan” döredijilik merkeziniň tans toparynyň şowhunly tanslary, Gurjak teatrynyň sahna oýunlary, Wäşiler topary çagalarda uly täsir galdyrdy.

Bu baýramçylyk çagalar üçin geçirilen konsertde  aýdymlar, oýunlar bilen we talybymyz Islam Çaryýewiň ýekelikde we çagalar bilen bilelikde ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylaryň diýseň göwnünden turdy. Belli türkmen we daşary ýurt ertekilerinden we multfilmlerinden sorag-jogaplar bilen baýramçylyk konsertimiz  dowam etdi. Bu dabara çagalaryň baýramçylygy üçin örän ajaýyp sowgat boldy.

.

Güljemal Durdyýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok