26-njy maýda Daşoguz welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 3-nji iýunynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, 10-njy iýunda bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Çäjiňize bereket, edermen gallaçy babadaýhanlar” diýip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Teswirler