Soňky ýyllarda ýazylýan okuw kitaplarynyň arasynda Çary Babaýew tarapyndan gadymy saz gurallarymyzyň biri bolan ud boýunça taýýarlanan «Ud saz guraly» okuw kitaby hem mirasymyzy dikeltmekde bitirilen işleriň biri bolup, bilim ulgamynda talap edilýän döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Çary Babaýew (1938 – 2009) Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda dogulýar. 1962-nji ýylda Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny tamamlaýar. 1962 – 1967-nji ýyllarda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk okuw mekdebiniň «Sazyň nazaryýeti we kompozisiýa» bölüminde okaýar, şol ýyllar kompozitor W.Ahmedowyň ýolbaşçylygynda ilkinji saz eserlerini ýazýar. Ol 1969-1974-nji ýyllarda M.Aşrafy adyndaky Daşkent döwlet konserwatoriýasynda «Halk saz gurallary» hünäri boyunça okan döwri halypasy professor S.Tahalow şägirdini gündogar sazynyň ajaýyplygyna we özboluşlylygyna ýakynlaşdyrýar.
Çary Babaýew «Plektrli dutary çalmagy öwrenmegiň mekdebi» atly okuw kitabynyň awtory, şeýle hem Wiktor Grigorýewiç Hirunsew bilen bilelikde «Fortepiano çalmagy öwrenmegiň başlangyç mekdebi», «Körpe pianinoçylaryň hrestomatiýasy» atly okuw kitaplaryny neşir edýär. Çary Babaýew kompozitor, ol dürli saz gurallary üçin ençeme eserleriň, aýdymdyr horlaryň awtorydyr. Halypanyň kiçi göwrümli aýdym-sazlary çagalar sazçylyk mekdeplerinde ýerine ýetirilýän bolsa, plektrli dutar hem halk saz gurallary orkestri üçin «Konsert fantaziýasy», «Dostluk mukamy», kiçi plektrli dutar hem fortepiano üçin «Garaşsyzlyk rapsodiýasy», «Halk sazyna fantaziýa» we beýlekiler orta hem ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna goşuldy.
Dosent Ç.Babaýew bütin ömrüni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda plektrli dutar, bas dutar, ud saz gurallary boýunça ýaş ýerine ýetirijiler neslini ýetişdirmäge bagyş etdi. Ol Garaşsyzlyk ýyllarynda Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky milli saz gurallaryny täzeden dikeltmek we kämilleşdirmek boýunça synag laboratoriýasynyň müdiri boldy we halk saz gurallary orkestri üçin gazma dutarlary, plektrli dutarlary, gyjaklary we gadymy saz gurallary kämilleşdirmek, täzeden dikeltmek, olary durmuşa ornaşdyrmak, bu gurallarda çaljak ýaş ýerine ýetirijileri saz eserleri bilen üpjün etmegiň aladasy halypanyň ýaşaýşynyň baş manysyna öwrüldi. Ç.Babaýew «Türkmen saz dersligi», «Bas dutary üçin etýudlar», «Garaşsyzlyk eýýämynyň saz gurallary», «Garaşsyzlyk joşguny», «Bedew atyň oýny» ýaly okuw kitaplarydyr gollanmalaryny ýazdy.
Çary Babaýewiň ömrüniň soňky ýyllary çapa taýýarlan «Ud saz guraly» atly okuw kitaby hem onuň köp ýyllarky döredijilikli gözlegleriniň miwesidir. Bu okuw kitaby gurluşy boýunça ud çalmagy öwredýän ýönekeýden barha çylşyrymlaşýan tertipde ýerleşdirilen gönükmelerden we saz eserlerden durýar. Ol mazmun babatda başlangyç sazlardan başlap, professional sazandalyga degişli iri göwrümli eserleri öz içine alýar.
Bu okuw kitaby çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerine niýetlenip, ony yörite orta we ýokary sazçylyk okuw mekdepleriniň ud dersinde hem peýdalanyp bolar. Şeýle-de ondan ud saz guralyny özbaşdak öwrenýän höwesjeň sazandalar gymmatly maglumatlary tapar.
Okuw kitaby üç bölümden ybarat. Okuw kitabyň 1-nji bölümde ýaş sazanda üçin saz äleminiň başlangyç tapgyrynda zerur bolan nota sowady berilýär. 2-nji bölüm ud saz guralyna bagyşlanýar we bu gadymy saz guralynyň taryhy bilen tanyşdyrýan makala bilen başlanýar. Soňra uduň gurluşy, udda ýerine ýetirilen mahaly onuň tutulyşy, uduň sapynda barmaklaryň ýerleşişi, kakuwajyň saklanylyşy barada maglumatlar berilýär. Uduň düzülişi, uduň kirişlerinde saz sesleriniň ýerleşişi we olaryň nota düşeginde ýazylyşy ýaş ýerine ýetirijiler üçin sada dilde beýan edilýär. Kitapda berlen suratlar, şekiller beýan edilýän maglumatlaryň düşnükli bolmagyna ýardam edýär. Bu bölümi awtor tarapyndan teklip edilýän «Ud saz guralyny çalmakda ulanylýan şertli belgiler» jemleýär.
Okuw kitabyň 3-nji bölümde täzeden işlenen halk aýdym-sazlary, daşary ýurtly we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, Çary Babaýewiň öz döreden sazlary ýerleşdirilipdir. Olaryň mazmunynda ud saz guralynyň gadymyýete siňip giden we häzirki bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän owazlary şahyranalyk bilen ýüze çykarylýar. Bu bölüm 4 bölümçeden ybarat, olardan:
1-nji, «Gönükmelerden we etýudlardan (saz öwrümlerinden)» durýar. Bu sazlaryň ýerine ýetirilişinde halypanyň berýän maslahatlarynyň goşulmagy kitabyň gymmatyny has artdyrýar.
2-nji, «Ýekelikde çalmak üçin saz eserleri» bölümçesi, adyndan belli bolşy ýaly, ud saz guralynda ýekelikde çalmak üçin sazlardan ybarat.
3-nji bölümçe «Goşulyp çalmak üçin saz eserleri» atlandyrylyp, onda ud, kiçi kakuwaçly dutar, gyjak ýaly halk saz gurallarynyň dürli düzümdäki ansambllary berilýär.
4-nji, «Fortepiano bilen bilelikde ýerine ýetirmek üçin saz eserleri» atly bölümçe jemleýär.
Okuw kitabyna halypanyň şägirtleri tarapyndan ýerine ýetirilip, synagdan geçen sazlar girizildi.
Mähri Suwhanowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler