Her ýyl däp bolşy ýaly, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Ine, şu ýyl hem bu şanly waka mynasybetli türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer. Sergide görkezilýän taslamalaryň köpüsi şu ýyllaryň dowamynda paýtagtymyza bezeg berýän ajaýyp binalaryň hem-de binagärlik toplumlarynyň mysalynda durmuşa geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk subutnamalary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Däp bolan bu çärä uly gyzyklanma bildirilmeginiň sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Aşgabat ykrar edilen iri işewürlik hem-de medeni merkeze öwrülmek bilen, okgunly ösýän häzirki zaman şäheriň täsin nusgasydyr, bu ýerde hemme zat adamyň bähbidine gönükdirilýär.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly telekeçiler gatnaşdylar.
Täçmuhammet BEGHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler