23-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew we Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Türkmenistanyň Prezidentine welaýatlarda pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirilenligi baradaky hoş habary ýetirdiler. Hasabata görä, Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 1010 tonna, Mary welaýatyň ýüpekçileri 440 tonnadan gowrak pile tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etdiler.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ýüpekçilerini bu üstünlik bilen gutlap, olara çeken asylly we yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Teswirler