Ýurdumyzda her ýyl iýun aýynyň 1-ne halkara Çagalar güni ulydan bellenilip geçilýär. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşliginiň bilelikde taýýarlamagynda “BOTANIKA” bagynda “Halkara çagalar güni” mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu baýramçylyk çagalar üçin geçirilen konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem-de daşary ýurt ertekilerinden we multifilimlerinden sorag-jogaplar bilen bezeldi. Konserte S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren “Watanym” aýdym bilen açyldy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistlerini, Ýetginjekler köşgüniň tansçylary , Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji Çagalar sungat mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor topary “Akja kepderi” , “Bim-bom” hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetiren “Arap gijesi”, “Отпусти и забудь”, “Ариель-Краб”, “I’m still standing”, “Красавица и чудовище”, “Happy holidays”, “Полет шмеля”, “Пираты Карибского”, “Love song”, “Moana” ýaly ajaýyp daşary ýurt aýdymlaryndyr, tanyslaryny diňläp hezil etdiler. Çagalara dürli sazlaryň astynda tans etmek bäsleşikleri diýseň çekeleşikli geçdi. Çagalara berilen soraglarada gyzykly jogaplary tapdylar. Konsertimiziň ahyrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde “Döwranyň aýdymy”, “Arkadagly Serdarymyz” ýaly aýdymlar diňleýjilerimize lezet paýlady.
Aýdym-saza beslenen Botanika bagymyzyň owadanlygy has-da gözelleşdi. Çärämiziň soňunda çagalarymyz Botanika bagyna gezelenç edip haýran galdyryjy guşlary, gazlary, ördekleri synlap çagalary özüne maýyl etdi.
.
Tirkiş AMANNAZAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri.
Teswirler