John Deere – Amerikanyň “Deere & Company” şereketiniň esaslandyryjysy şeýle-de öz-özüni arassalaýan polat azaly oýlap tapyjydyr. John Deere, 1837-nji ýylda “Deere & Company” şereketini esaslandyrdy. Häzirki wagtda 55 müňden gowrak işgäri bolan we “John Deere” markasy bilen 160-dan gowrak ýurtda satylýan dünýäde iň uly oba hojalyk tehnikasyny öndüriji kompaniýadyr.
John Deere-iň öndürýän we satýan önümleriniň arasynda ç ýaly oba hojalygyna degişli enjamlardan başga-da gurluşyk we tokaý tehnikasy, dürli gazon öndürijiler we baglara hyzmat ediş maşynlary we elektrik ulgamlary ýaly sarp ediş abzallary we enjamlary öndürýär. Mundan başga-da, kompaniýa takyk suwaryş ulgamlary ulgamynda toprak we önümçilik bilen gönüden-göni baglanyşykly ösüş strategiýasy bilen ugurdaşlykda soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri bilen dünýäde ilkinji üçlügiň hataryna girmegi başardy.
Kompaniýa soňky ýyllarda, geljekde ähmiýetini artdyrmagyna garaşylýan alternatiw energiýa çeşmesi bolan ýel energiýasy pudagynda hem düýpli maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Dünýäniň daýhanlary tarapyndan ýokary baha berilýän kompaniýanyň traktorlary, kombaýnlary, pagta ýygnaýan enjamlary, dökün paýlaýjy maşynlary, şeker şugundyryny ýygnaýjylary, ýükleýjileri, ekijileri uly islege eýedir. Belläp geçsek, ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagynda hem “John Deere” kysymly tehnikalary, traktorlary, kombaýnlary, pagta ýygnaýan enjamlary ulanylýar.
Baky AKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler