Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi aýawly saklamak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, täze «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler ähli babatda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ugry bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki zaman jemgyýetiniň şertlerinde ekologiýa we daşky gurşawy goramagyň derwaýys meseleleri boýunça sowatlylyga bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Ilkinji nobatda, tebigatyň we jemgyýetiň özara gatnaşyklaryna akyl ýetirmek hem-de tebigaty goramagyň wezipelerini çözmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan dogry ýollaryny saýlap almaklygy meýilleşdirmek zerur. Halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň biri daşky gurşawy hukuk taýdan goramakdyr, ol halkara hukugynyň dünýäde ykrar edilen kadalaryna daýanmalydyr. Ekologik gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edilen kanunlar ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň wajyp meseleleriniň çözülmeginde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda milli we sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy, Global ekologiýa gaznasy, Bütindünýä tebigaty goramak bileleşigi ýaly düzümler tarapyndan goldanylýan onlarça taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümler bilen birlikde, tebigaty goramak ugrunda hem ekologiýa maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirýär. Ekologiýa meseleleriniň global häsiýete eýe bolmagy döwletleriň öňünde bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk binýadyny döretmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek ýaly wezipeler goýýar. Ekologik bilimi we ekologik medeniýeti emele getirmek adamyň bütin durmuşynyň dowamynda amala aşyrylýan işdir. Bu işleri amala aşyrmagyň esasy bölegi «jemgyýet-tebigat» ulgamynyň durnukly ösüşiniň kanunalaýyklyklaryny gözleýän sosial ekologiýanyň paýyna düşýär.
Biziň günlerimizde ýer togalagynda ýaşaýan bütin adamzady gyzyklandyrýan we alada goýýan ekologiýa meselelerini çözmekde we ugurda maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmakda tagallalary durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistan bu meseleleri diňe ylalaşyklar we hukuk esasynda çözmegiň tarapdarydyr. Şu nukdaýnazardan hem, abraýly halkara guramalaryň münberinden ekologiýa bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary öňe sürýän Döwlet Baştutanymyzyň tutumly başlangyçlarynyň rowaçly menzillerde üstünliklere rowana bolmagyny arzuw edýäris.
.
Perman ANNABAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler