19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanda saparda bolmagynyň çäklerinde, Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow “Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanyldy.
19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow XIII Halkara ykdysady sammitine — «Russiýa — Yslam dünýäsi:KazanSummit 2022» gatnaşyp, sammitiň umumy mejlisinde çykyş etdi.
Mundan başga-da Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow we Tatarystanyň ozalky Prezidenti, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşyp gepleşikleriň birnäçesini geçirdi.
Teswirler