Ak mermerli, şugla saçýan Aşgabat

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de mer­mer paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat ösüş­le­re bes­len­ýär. Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan be­ýik ösüş­le­riň gör­ke­zi­ji­si, öz­ge­riş­le­riň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan ak mer­mer­li Aş­ga­bat bu gün Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri­ne, pa­ra­hat­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze öw­rül­di.

«Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen Aşgabat, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasyna mynasyp boldy. Şondan bäri hem her ýylyň 25-nji maýynda döwlet derejesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Aş­ga­bat, onuň hä­zir­ki dö­wür­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri, tä­sin bi­na­gär­li­gi ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny haý­ran gal­dyr­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik keş­bi­ni dö­ret­mek, şä­her dü­züm­le­ri­ni top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry, sport top­lum­la­ry, dynç alyş we dö­re­di­ji­lik mer­kez­le­ri gu­rul­ýar.

Azi­ýa­nyň mer­je­ni­ne de­ňel­ýän ak şä­he­ri­mi­ziň öz­ger­ýän keş­bi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­li­ge bes­len­ýän­di­gin­den ha­bar ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dur­muş we me­de­ni ul­ga­my­nyň, se­na­gat dü­züm­le­ri­niň, tä­ze önüm­çi­lik­le­riň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­di.

Paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň Baş me­ýil­na­ma­sy ak şä­he­ri­miz­de gu­rul­ýan we gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň we ýol-ulag ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň ugur­la­ry ba­ra­da dü­şün­je al­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­le­ýär.

Amantäç ANNAGULYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Maglumat tehnologiýalary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok