Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça 150-den gowrak türkmen lukmany Germaniýa saparyna ugradylmagy meýilleşdirilýär.
Türkmen lukmanlarynyň Germaniýa guraljak iş sapary saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen gurnalýar.
Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow çarşenbe güni Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Teswirler