Ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň ilkinji goşgular kitaby çykdy

Ýyllar­ göçýär,­ geçip­ barýar,­ başyňdaky­ çagalygam,
Köpelýändir­ durmuş­ hakda ­saňa­ berýän ­soragymam,
Günler­ geçdi,­ soň­ ýat ­boldy,­ şol­ çägeli­ Garagumam,
Talyp­ boldum,­ men­ özüme ­diýipdim­le ­«Bagty­ çeken»,
Ah,­ bu­ bagty ­gije-­gündiz ­Hakdan­ dilän, ­ejem ­eken.

Ýakynda, özüniň ajaýyp goşgulary bilen tanalýan ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň “Göwnümiň göwni” atly ilkinji goşgular kitaby çykdy. Kitap Ogulnur Ataýewanyň saýlanan goşgularyndan ybarat. Olarda awtoryň hakyky duýgy-düşünjesi bilen birlikde, durmuş filosofiýasyndan alan tälimi hem öz beýanyny tapýar.

Kitabyň ilkinji sahypasy:

“Garylsa-da ýag bilen suw bir-birine goşulmaýar, gumly gyzyň aýdymyna dagly ýigit düşünmeýär.”

– diýen oýlandyryjy setirler bilen başlaýar.

Ogulnur Ataýewa barada durup geçsek..     

Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyň 5-nji fewralynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyň üçünjisi bolup dünýä indi. Ogulnur 2003-nji ýylda Garagum etrabynyň 1-nji orta mekdebine okuwa baryp, ol mekdebi 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ogulnuryň goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda “Garagum” žurnalynyň 10-njy sanynda çykdy.

     Ogulnur Ataýewa mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebine okuwa girýär we 2018-nji ýylda bu başlangyç hünär okuw mekdebini tamamlaýar.

     Zehinli şahyr gyz özüniň ukyp-başarnygy we ylahy zehini bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Ogulnur Ataýewa, 2021-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ogulnur edebi-çeper telegepleşiklere, döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp gelýär.

Teswirler

Akmyrat

ma;ades gaty govy ekeni