Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şatlykly pursatlara beslenýär. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna köpçülikleýin bag ekmek çäreleri arkaly goşan goşandy we goldawy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky belent üstünligidir.
Döwletimiziň syýasatynda tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we köpeltmek, ykdysadyýete “Ýaşyl” tehnologiýalary hem-de ýörelgeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýyl giň gerimli köpçülikleýin bag ekmek çäreleri geçirilýär. Döwletimiz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär. Baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda ekologiýa meselesi esasy ugur bolup, paýtagtymyzda raýatlaryň abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleri üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleri şertlendirýär. Şeýle çäreleriň geçirilmegi netijesinde Aşgabatda ajaýyp gök tokaý zolaklary döredilip, olaryň çägi barha giňeýär. Dürli görnüşli baglary, ajaýyp bezeg ösümlikleri, al-elwan gülleri bilen özüne maýyl edýän owadan seýilgähler ak mermerli merjen paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy bolsa ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Ekiljek topragyna baglylykda bag nahallarynyň saýlanyp alynmagy, ylmyň gazananlaryna ähmiýet berilmegi geçirilýän işleriň netijeli bolmagyna ýol açýar. Şeýle işler Milli Tokaý Maksatnamasynyň çäklerinde ähli welaýatlarymyzda, etrapdyr-şäherlerimizde alnyp barylýar. Döredilen tokaý zolaklary diýarymyzyň keşbini özgertmek bilen, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de baýlaşmagyna ýardam edýär. Gök guşakly ajaýyp zolaklar ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozanly ýellerden goraýar, adam saglygy üçin oňaýly şert döredýär.
Mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer ekologiýa syýasatynyň dowamaty dowam bolup, beýik işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun! Umumadamzat bähbitli özgertmeleri bilen döwrümizi bagtyýarlyga ýetiren Arkadagly Serdarly, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap diýarly eziz halkymyza bagtyýarlyk ýar bolsun!
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler