Aýyň üstündäki suw çeşmeleriniň içip boljakdygynyň üsti açyldy

Adamzadyň kosmos gözleginiň yzygiderli dowam edýändigi hemmämize mälimdir. Hünärmenler ýakyn ýyllarda Aýda, soňra bolsa Marsda adamly uçuşlary amala aşyrmagy meýilleşdirýärler we Gün ulgamymyzy has çuňňur öwrenmek isleýärler. Elbetde, bu uçuşlaryň esasy maksady Aýda we Marsda ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmek we ol ýerde adamlaryň uzak wagtlap ýaşamagyny üpjün etmek bolup durýar. Täze geçirilen gözleg, Aýda tapylan suw çeşmeleriniň içilip boljakdygyny ýüze çykardy.

Ýeriň ýeke-täk tebigy emeli hemrasy we Gün ulgamyndaky bäşinji iň uly emeli hemra, Aý planetamyzda ýaşaýyş ösmezden ozal wulkanlar bilen örtülendi. Bu wulkan görnüşleri şol döwürde suw buglaryny ýer ýüzüne ýaýradýardy. Bu, häzirki görýän kraterlerimizde suw buzunyň döremegine sebäp bolan bolsa gerek diýlip çaklanylýar. “Planeta Science” žurnalynda şu hepde neşir edilen gözleg bu suwuň kosmonawtlaryň içmegi üçin amatly bolup biljekdigini hem ýüze çykardy.

Munuň üçin müňlerçe ýyl ozalky maglumatlar derňeldi. Alymlaryň aýtmagyna görä, Aý her 22 müň ýyldan uly wulkan atylmagyna şaýat bolýar. Bu wulkan atylmalary Aýyň ýüzündäki gara tegmilleri ýüze çykarýar. Şol sanda bu uly wulkan atylmalary Aý polýusynyň töwereginde onlarça metr galyňlykda buz gatlaklarynyň döremegine ýol açan bolmagynyň mümkindigini ýüze çykardy.

Daýanç GURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok