Oguz han adyndaky TITU-nyň talyplar topary Nazary mehanika dersi boýunça I açyk halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýelediler.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, maý aýynyň 10-14 aralygynda “Nazary mehanika” dersi boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda geçirilen, I Açyk halkara internet olimpiadasynda gowy netijeleri görkezmegi başardylar .
Bu bäsleşige 15 sany döwletden, 71 sany ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň tehniki ugurly 13 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň jemi 225-si gatnaşdy. Talyplara “Google Meet” 5 arkaly onlaýn gözegçilik edilip, olara meseleleri çözmek üçin kesgitli wagt berildi. Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, şahsy we toparlaýyn birinjiligi almak ugrunda geçirildi. Şahsy bäsleşikde 4 sagadyň dowamynda 8 meseläni, toparlaýyn bäsleşikde bolsa, 5 talypdan ybarat bolan topara 1 sagadyň dowamynda 5 sany meseläni çözmek şerti goýuldy.
“Nazary mehanika” dersi boýunça geçirilen bu halkara ders bäsleşiginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti toparlaýyn bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy. Şahsy birinjiligi almak ugrunda bolsa, bu ýokary okuw jaýynyň talyplary aşakdaky netijeleri görkezdiler:
- Jumaýew Agajan – I orun
- Seýidow Didar – I orun
- Annaýew Allamyrat – I orun
- Süleýmanow Selim – II orun
- Hojaýew Örebaý – II orun
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatda alyp barýan syýasatyna jogap hökmünde, biziň talyplarymyzyň halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary almagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýä ýüzüne tanatmak bilen bir hatarda, olaryň dünýäniň ösen ýokary okuw jaýlarynyň hataryna girizilmegine ýardam berer.
Toýjanow Mekan
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy
Teswirler