Dünýäde iň köp ulanylýan internet brauzerleri

Web brauzeri ýa-da web tory, ulanyjylara Bütindünýä Kerebinde bar bolan maglumat çeşmelerini almaga we görmäge mümkinçilik berýän programma üpjünçiliginiň umumy adydyr.

Häzirki wagtda iň meşhur web brauzeri hökmünde 2013-nji ýylda döredilen “Microsoft Internet Explorer” we “Firefox”-dan öňe geçip, “Google Chrome” dünýäde iň halanýan we iň köp ulanylýan brauzer bolmagy başardy.

“Samsung” we “Safari” ýaly brauzerler, esasanam jübi telefonlarynda ýygy-ýygydan ulanylýandygy sebäpli sanawda ýokary orny eýelemegi başardylar.

“StatCounter” tarapyndan neşir edilen maglumatlara ser salanymyzda, dünýäde iň meşhur internet brauzeriniň bazar paýy 66,58 göterim bolan “Google Chrome” bolmagyny dowam etdirýär. Berilýän maglumata görä, “Microsoft Edge” ikinji, “Safari” üçünji, “Mozilla Firefox” dördünji, “Opera” bolsa bäşinji orunda bolmagyna galýar.

Sähra KERIMBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok