Daşky gurşary goramak – tebigaty baýlaşdyrmakdyr

Hormatly  Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigatyny goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak baradaky aladalary içerki, döwletara we halkara meseleleriň çözgütlerinde esasy orun tutýar. Döwletimiz daşky gurşawy goramak barada halkara hukuk resminamalary boýunça ylalaşyklara goşulyp, ýurduň ekologiýa howpsuzlygynyň daşary syýasatyny gyşarnyksyz   üpjün  edýär. Daşky gurşawy goramak meselesinde döwletimiz iri halkara guramalary bilen-de  ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda birnäçe konwensiýalaryna, beýanlaryna, maksatnamalaryna we taslamalaryna goşulyp,  olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar, şol bir wagtyň özünde-de dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde daşky gurşawy goramak babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen amal edýär. Bu ugurlarda öz üstüne alan borçnamalaryna amal etmek maksady bilen, döwletimizde Daşky gurşawy goramak hereketiniň Milli Maksatnamasy işlenip düzüldi.

Şol bir wagtda-da ýurdumyzda ýerüsti suwlaryň hiline, toprak örtüginiň hapalanmagyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Bu ugurda geçirilýän tebigaty goramak we oňa gözegçilik etmek çäreleri ylmy – barlaglaryň netijelerine esaslanýar. Şeýle hem Türkmenistan tebigaty  goramak  pudagyndaky  Halkara  hyzmatdaşlygynda Aral we Hazar  deňziniň  ekologik  meselesini  çözmeklige  aýratyn  orun  berýär.

Aralýaka sebitiniň çäkleri ekoulgamlaryň giňişlik gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýagdaý sebitiň fiziki-geografik şertleriniň, onuň köp asyrlaryň dowamynda hojalyk taýdan peýdalanylmagynyň hem-de häzirki zaman antropogen hadysalaryň güýçli täsiriniň netijesidir. Howada gaýýan çäge-duz gatyşykly maddalar suwarymly ekerançylyk ýerleriniň topragyna we öri meýdanlarynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Şol sebäpli oba hojalyk ýerleriniň ekologiýasyny gowulandyrmak, öri meýdanlarynyň önümliligi artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli çäreler, şeýle-de ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Oturdylýan bag nahallary, tokaý agaçlary bolsa, amatly mikroklimaty döredýär.

Sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda Garagumyň jümmüşinde gurlan Türkmen kölüniň hem ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýere ekerançylykda ulanylan zeý suwlar toplanýar. Munuň özi, çöl ekoulgamlarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak çäredir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty  ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige hem-de tebigaty goramak  meselelerini çözmeklige uly mümkinçilikleri döredýär.

Abdyjepbar ABDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok