Magtymguly pyragy öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň eserleri edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralaşýar. Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol omrüniň kopüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr “Älem belgilidir” diýen şygrynda Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
Magtymguly Pyragy başlangyç ylmyny kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: “Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir” – diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan-aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň uçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär.
Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresede iki ýyl tälim alýar. Şahyr sol medresede ders berýän şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde alýar. Ol «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okapdyr.
Akmämmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler