Dünýädäki kömürturşy gazy iň ýokary derejä ýetdi

Global ýylylyk sebäpli, dünýäniň ortaça temperaturasy birnäçe ýyldan bäri ýokarlanýar. Bu bolsa global meseleleri artdyrýar we dünýä howp döredýär. Alymlaryň pikirine görä, adamzat uglerod dioksidiniň möçberini azaltmasa onda geljekde has çynlakaý howplara duçar bolup bilner. Bu baradaky gözlegleri ABŞ-nyň Milli Umman we atmosfera dolandyryşy boýunça Mauna Loa obserwatoriýasy geçirdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, dünýäniň uglerod dioksidiniň aýlyk möçberi ortaça 420 ppm derejä ýetip taryhda iň ýokary çägine ýetipdir. Bu ugurda tejribeli alymlar uglerod dioksidiniň aýlyk möçberiniň 350-den geçmeli däldigini aýdýarlar.

Soňky berilen hasabata görä, dünýäde ýaýran pandemiýanyň azalmagy netijesinde uglerod zyňyndylary 7 göterim azalypdyr. Hünärmenler bu ugurdaky tagallalary birleşdirip, her ýyl tebigata zyňylýan uglerod dioksidiniň öňüni almak üçin zerur boljak howa şertnamasyny düzdüler.

Mähriban ROZYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok