Türkmenistanyň Prezidenti, Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda, Häzirki wagtda Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň berkidilmegine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga hem-de halkyň abadançylyk derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, halklaryň arasynda dost-doganlygynyň pugtalandyrylmagyna Gazagystanyň Lideriniň uly üns we goldaw berýändigini aýratyn belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok