ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy “Google” terjime gullugyna 24 sany täze dil goşandygyny mälim etdi. Bu dilleriň Afrika, Hindistan, Latyn Amerikasy we Filippinler ýaly ýurtlaryň dillerine degişlidigi aýdylýar.
Her gün millionlarça adam tarapyndan ulanylýan “Google Translate” adamlar üçin tekstleri terjime etmek, sözleriň nähili aýdylýandygyny we başga-da köp zatlary öwrenmek üçin örän peýdaly platforma bolup durýar.
Google Terjime gullugynyň beren beýanyna görä, täze goşulan 24 diliň 10-synyň Afrikada gürlenýän dillerdigi, beýleki 14 diliň bolsa Hindistanyň, Latyn Amerikasynyň we Filippinleriň dilleridigi mälim edildi. Mundan başga-da, terjime gullugyna Uganda, Ruanda, Merkezi Afrika, Günorta Sudan, Mozambik we Angola ýaly ýurtlaryň dilleri hem goşuldy.
Bu goşmaçalar bilen, “Google” dünýädäki terjime hyzmatlaryny köpeltmegi we dil kynçylyklaryny belli bir derejede aradan aýyrmak arkaly adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem, “Google Translate” tarapyndan hyzmat edilýän dilleriň umumy sanynyň täze goşulan 24 dil bilen 133-e ýetendigi habar berilýär.
Döwlet DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler