«Ýaş telekeçiler» meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýän duşuşykda bu hepde Maslou Teoriýasy barada prezentasiýa geçirildi.
TSTP-nyň işjeň agzasy Rahymberdi Kerimow ( @tmmedic_03 ) islendik adamyň motiwasiýasyna täsir edýän Maslou teoribasyndaky zerurlyk gatlaklary barada mysallar arkaly gürrüň berdi.

Arakesmede aýdym-sazly çykyş boldy. Ýaş zehinler Hojaeldiyew Rahym we Rejepow Togsanmyrat öz repertuary bilen sahnada çykyş etdiler.
Şeýle-de duşuşygyň şowhunyny artdyrmak maksady bilen «hazyna» oýny oýnaldy.
Teswirler
«Ýaş telekeçiler» meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýän duşuşykda bu hepde Maslou Teoriýasy örän gyzykly boldy. Ishinizde üstünlik arzuw etýärin.