Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. Jan Watanymyz Türkmenistan diýarymyzyň saba-säherlerinden gaýdýan ajaýyp aýdym-sazlar, şirin söhbetler hem her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyrýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň “Kirişli saz gurallary’’ kafedrasynyň hepdeliginiň dowamynda bu kafedranyň mugallymy Tahyr Ataýewiň “Jadylaýjy sazlaryň gözelligi” atly konserti geçirildi.
Konsertde Nury Halmämmedow adyndaky Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Baýmyrat Gutlymyradowyň dirižýorlyk etmeginde bütindünýä nusgawy sazynyň meşhur XVII asyr, K.F.E.Bahyň barok-bagyň 5-nji simfoniýasy, XVIII asyr, klassisizm W.A.Mosartyň Adajio we Fugasy, XIX asyr, P.I.Çaýkowskiniň Florensiýa barada ýatlamalary atly eserleri ýaňlandy.
Bu konsert ýaş orkestr üçin özboluşly synag boldy. Mundan başga-da soňky iki kompozitoryň kompozisiýalary türkmen sahnasynda ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Konsertiň dowamyndaky çylşyrymlylygynyň biri bolsa, bir stilden beýleki stiline, bir döwürden beýlekisine geçmek iň esasysy bolup, bu eserleriň ideýasyny beýan etmekde tomaşyçylarda täsin gyzyklanma galdyrdy.
Tahyr Ataýewiň orkestri eksperimental we tematiki çykyşlary bilen tanalýar. Biz ýaş sazandalar üçin nusgawy konsertler aýdym-saz durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dünýä klassikleriniň eserlerini ýerine ýetirmekde ajaýyp ýerine ýetiriş tejribesini alýarlar, ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar, suratkeşler we sazandalar hökmünde ösüp, diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýarlar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn!
.
Annaoraz DÖWLETOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallary”
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler