Birleşen Arap Emirlikleriniň täze prezidenti belli boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti aradan çykandan soň, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Muhammet bin Zaýed al-Nahaýan – Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) täze Prezidenti wezipesine saýlandy.

BAE-nyň resmi habar agentligi WAM-yň habar bermegine görä, döwletiň 7 emirinden ybarat bolan BAE-niň Ýokary geňeşi Şeýh Muhammet bin Zaýed al-Nahaýany döwlet baştutany edip belledi.

Beýleki tarapdan, paýtagt Abu-Dabidäki Şeýh Soltan bin Zaýed al-Awwal metjidinde Şeýh Halifa bin Zaýed al-Nahaýanyň jynaza namazy okaldy.

Şeýh Halifa bin Zaýed al-Nahaýan jynaza namazyndan soň Abu Dabidäki Al-Batin gonamçylygynda jaýlandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok