Türkmenistanyň Aktau konsuly Atyrau welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň konsuly Muhammetnur Öwezow ýörite çakylyk boýunça Atyrau şäherine baryp, Atyrau welaýatynyň häkimi Şapkenow Serik Žambylowiç bilen duşuşdy. Bu barada konsullygyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary barada pikir alyşyldy. Atyrau welaýatynyň häkimi, iki doganlyk döwletiň baştutanlarynyň liderliginde ylalaşylan şertnamalaryň ähmiýetini belläp geçdi.

Gepleşigiň dowamynda özara söwdany artdyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, üstaşyr we logistika, himiýa senagaty we oba hojalygy ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine ilkinji nobatda üns berildi.

Konsul M.Owezow Atyrau welaýaty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we häzirki wagtda iki ýurduň oňat goňşuçylyk we birek-birege ynam esasynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda üstünlikli hyzmatdaşlykda uly tejribä eýe bolandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň gazak-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok