TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Mämmet Hallymämmedow hem mugallym, hem bagşy

Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant ussat halypalar barada gürrüň edilende özüňden biygtyýar damanaçy bagşy Mämmet Hallymämmedowyň nurana keşbi göz öňünde janlanýar.

Mämmet Hallymämmedow 1922-nji ýylda Serdar şäherinde dünýä inýär. Ol täsin ykbally diýilýän adamlardan. Onuň sada, şol bir bada hem özboluşly ömür we döredijilik ýoly bar. Şol ýol birden bizi uzak ýyllary yzda galdyrmaga birden hem şu günki gün bilen dem almaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine onuň belent adamkärçiligine hem-de bu ugurda  bitiren işlerine bagyşlanyp, dürli ýyllarda gazet-jurnallarda ýazylan makalar bilen ýakyndan tanyş bolanyň-da magat göz ýetirmek mümkin. Bulardan başga-da onuň çagalarynyň, hem mugallym, hem bagşy hökmünde bilimdir terbiýe beren okuwçylarynyň, ýetişdiren şägirtleriniň ýakymly ýatlamalary hem onuň geçen sungat we zähmet ýoluny yzarlamaga uly mümkinçillik döredýär.

M.Hallymämmedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh bölümini tamamlaýar. Ol taryh mugallymy bolup işlän ýyllary ýaş nesilleri milli watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly üns berýär. Halkymyzyň geçmiş-taryhynyň şan-şöhratly altyn sahypalaryny il içinde saklanyp galan gyzykly gürrüňler, rowaýatlar hem-de tymsallar bilen baýlaşdyryp öz okadýan dersiniň has täsirli bolmagyny gazanýar.

 M.Hallymämmedow mekdepde işiniň köpdügine garamazdan, aýdym-saz gurnagyna ýolbaşçylyk edýär. Ol aýdym-saza höwesli ýaşlary gurnaga çekmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň bu ugurda zehin başarnygyny ýüze çykarmaga uly üns berýär. Onuň öz döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde köp hyzmatlary bitiren ussat halypalaryň asylly ýol-ýörelgeleri hakyndaky gürrüňlerini diňlemäge höwesekleriň sany artýar. Köp ýyllyk durmuş we zähmet tejribesi, hem-de sütün-sütün halypalardan gaýdýan milli senedimizi dowam etdirmäge bolan yhlasy ony kärdeşleriniň arasynda bir gez beýgeldýär.

M.Hallymämedow iş arasynda geçilen ömür menzillerine nazar aýlamagy özboluşly endige öwürýär. Onuň ýaşlyk ýyllary baradaky ýakymly ýatlamasy hem halkymyzyň geçmiş-taryhy bilen bagly bolýar. Çagalygyna garamazdan şol döwrüň kynçylyklaryny başdan geçirse-de aýdym-sazdan üzňe bolmaýar. Ol heniz oglan mahaly özi ýaly oglanjygyň dilli tüýdükde çalýan sazlaryna imrinýär. Özünde-de şeýle saz guralyň bolmagyny isläp dag eteklerinde gögerýän gamyşlary kesişdirip göwün söýen tüýdügini ýasaýar. Gamagyň böwrüni köwüp, ýüzüne ýary çekip enaýyja gyjakly hem bolýar.

Şol döwürde Serdar şäherinde ýerleşen «Gyzyl çaýhananyň» müdiri, sazanda Gorgan Çaýkow saz çalýar. Mämmet onuň golaýyna baryp oturýar. Saz yzyna saz çalnyp, sazanda az-kem dynç almaga hyýallananda ol daşyny gallap oturan oglanlara öz dutaryny uzadýar. Ol  dutary emaý bilen eline alyp, bir-iki saz çalýar. Bu waka onuň üçin ýatdan çykmajak waka bolýar. Şondan soňra ol bu sazandanyň  ýanyna gatnap,ondan gara gazma erk etmegiň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Şol ýyllar Serdar şäherinden aýdym-saza höwesli ýaşlara halypa bagşy Sahy Jepbarow ýolbaşçylyk edýär. «Oglan bagşy» bilen giňden tanalýan  Sahy halypa bilen günde-günaşa duşuşmak, mahmal owazy bilen aýdýan aýdymlaryny diňlemek, arkama-arka dowam edip gelýä milli aýdym-saz sungatymyzyň gözbaşynda duran ussatlar hakyndaky gürrüňlerinden ganmak onuň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ol işçileriň Medeniýet öýünde hereket edýän gurnaga gatnaşyp, halk köpçüliginiň öňünde çykyş edip başlaýar.

Sahy halypadan tälim alan ýaş bagşy il içinde «Mämmet bagşy» ady bilen tanalyp başlaýar. Onuň beýik sesi bilen aýdýan aýdymlarynyň çyn muşdaklarynyň örüsi giňeýär. Köpler onuň böreňläp akýan dag çeşmesi ýaly owadan sesini diňlemäge höwesek bolup gelse, kimler ondan dutar çalmagy ýa-da aýdym aýtmagy öwrenmek üçin gelýär. Ol öz ýanyna gelýänleri gadyrly garşylap, olar bilen gürrüňdeş bolýar hem-de aýdymdyr saz edip berýär.

Mämmet bagşynyň beýik sesi bolupdyr. Ol islendki halk aýdymy täze nagmalar bilen baýlaşdyryp halk köpçüligine ýetirmegi başarypdyr. Aýdymdyr sazlaryň jadyly dünýäsi bilen ýaşan bagşynyň öz ýüregine ýakyn saýýan aýdymy «Al, Senem» atly halk aýdymy bolupdyr. Halypa bagşy Sahy Jepbarow bu aýdymy diňe öz şägirdi Mämmet bagşynyň uly joşgun bilen aýdýandygyny aýratyn belläpdir. Bu aýdym onuň il içinde giňden tanalmagyna hem sebäp bolupdyr.

Mämmet Hallymämmedow, Bilbiliň çeken suraty

M.Hallymämmedow birnäçe gezek Moskwa şäherinde geçirilen uly konsertlerde hem üstünlikli çykyş edipdir. Ol öz döwründe ýurdumyzda geçirilen aýdym-saz gözden geçirilişlerine hem gatnaşypdyr. Onuň döwletli ojagy hemişe köp adamly bolupdyr. Ykbal öwrümlerinde bile işleşmek hem-de ýakyndan dost bolmak miýesser eden belli bagşy-sazandalar häli-şindi diýen ýaly bu döwletli ojakda myhman bolup,aýdymdyr saz edipdirler.

Mämmät bagşy maşgala durmuşynda-da bagtly adam bolupdyr. Onuň asly käri halyçy bolan Nurtäç bilen guran maşgalasynda on çaga dünýä inýär. Bäş oglan, bäş gyz il içinde edep-terbiýeli, ylymly-bilimli adamlar hökmünde tanalýar. Olar edil kakalary ýaly milli senedimiziň dowam etmegine saldamly goşant goşýarlar.

M.Hallymämmedowyň döredijiliginde 200 golaý halk aýdymlary bolupdyr. Olardan «Al,Senem», «Dört gözel», «Armany men», «Getir», «Şalar bilmez», «Hal iki ýandan» we beýlekiler türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanyp, häli-şindi diýen ýaly diňleýjilere eşitdirilýär.

– Şu ýyl Mämmet Hallymämmedowyň doglan gününe 100 ýyl bolýar. Hem mugallym, hem bagşy bolup, il-günümize ak ýürekden hyzmat eden kakam ajaýyp döwrümizde milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ösüşlere beslenýändigine guwanardy. Bu günki günde onuň çagalarynyň hem-de şägirtleriniň şol nusgalyk ýol-ýörelgäni dowam edýändigine  buýsanýarys, – diýip onuň gyzy Maralgül Nepesowa ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy.

.

Meretgylyç Ýagmyrow.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok