Nebit gaz toplumynda gazanylan üstünlikler

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda dünýäde dördünji orny eýeleýär. “Türkmengaz” döwlet konserni arkaly gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Üç ugurdaş şahalary öz içine alýan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.

Öz düzüminde esasy we ýardam beriji  kärhanalary jemleýän “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan birnäçe nebitli-gazly ýataklar işlenilýär. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda nebitgaz ýataklarynyň 600-den gowragy mälim we bu meýdançalaryň 30-a golaýy ulanylýar.

Türkmenistan gury ýerde we Hazar deňziniň türkmen böleginde jemlenen uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly möçberine eýedir. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bilermenleriniň baha bermegine görä, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberi 71,2 milliard tonna şertli ýangyja deňdir. Onuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 millard tonnasy bolsa Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşendir. Netijede, ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolmak bilen ýurdumyzyň dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa nebitgaz önümlerini ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär.

.

Nagmat ESENOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalar
fakultetiniň 1-nji SKMD hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok