Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň biri hem Gün panelleri arkaly alnan energiýa bolup durýar. Angliýa bu ugurda kosmosda elektrik stansiýalaryny gurmagy meýilleşdirýär. Alymlar we kompaniýalar bu babatda bir netijä geldiler. Angliýa kosmosda Günden energiýa almak üçin gerekli tehnologiýanyň we enjamlaryň häzirki wagtda barlygyny nygtady.
Angliýa bu taslamany, Beýik Britaniýanyň Gün energiýa çeşmeleri boýunça guramalary bilen amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyjyň esasy maksady nol uglerod galyndysyna ýetmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji kosmosdaky gün paneliniň 2035-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär.
Döredilen 12 ýyllyk meýilnama laýyklykda, geçiriljek gurluşyk üçin materiallar we robotlar öňümizdäki ýyllarda kosmosa iberiler. Munuň üçin takmynan, 300-den gowrak kosmos ekspedisiýasy guralar.
Kosmosdaky gün elektrik stansiýasy edil Ýerdäki ýaly işlär. Gün şöhleleri ýygnalyp, elektrik energiýasyna öwrüler. Soňra mikrotolkun şöhlelerine öwrüljek bu energiýa, radio ýygylyklary bilen dünýäniň merkezlerine iberiler. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, kosmosda dörediljek gün elektrik stansiýasy dünýedäkiden 13 esse köp energiýa öndürip biler.
Alym ESENGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler