“Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämiz”.
Ýurdumyzda giň gerim bilen bellenilýän baýramçylyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni aýratyn orny eýeleýär. Her ýylyň 18-nji maýynda toýlanýan bu milli baýram halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynda döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak baradaky garaýyşlary jemlendi. Baş Kanunymyzyň rejelenen görnüşi ýurduň ähli raýatlary üçin deňhukuklylygy üpjün edýär.
Ýurdumyzda konstitusion esasda her bir adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary beýan edilendir. Bu bolsa ýurduň syýasy ugrunyň halkymyzyň, şol sanda her bir adamyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigini görkezýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň hem ilkinji nobatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň kadalaryna esaslanýandygyny bellemek gerek.
Halkymyzyň milli mukaddeslikleriniň biri-de Döwlet baýdagymyzdyr. Ýaşyl baýdagymyz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň nyşany bolmak bilen, halkymyzy ýeňişlere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy beýleki ýurtlaryň baýdaklarynyň hatarynda BMG-niň binasynyň öňündäki belent sütünde pasyrdaýar hem-de parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi, halkara abraýymyzy bütin dünýä aýan edýär.
.
Enejan GOTUROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniňEnergetika we inženerçilik desgalar
fakultetiniň 2-nji SDTTEHA A hünäriniň talyby.
Teswirler