Baky bagtyýarlyga beslenen, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri – Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň günidir. Esasy kanunymyzyň kabul edilen gününi Döwlet baýdagynyň güni bilen utgaşykly bellemek türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewiligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de pajarlap ösmeginiň syýasy hukuk binýady bolup dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar. Şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp- dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär.
Esasy Kanunymyzyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen mizemez döwletimiziň berk hem-de kuwwatly binýadynyň düýbüniň tutulyp başlan döwrüniň örän möhüm taryhy ähmiýetli güwanamasydyr. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň tejribesini, milli we umumyadamzat gymmatlyklary özünde jemlemek bilen bir hatarda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýet döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Konstitusiýa türkmen döwletiniň mizemez ýörelgelerini-garaşsyzlyk we bitaraplyk, parahatçylyk we raýat ylalaşyklygy, demokratiýa hem-de kanunlaryň rüstemligi ýaly ýörelgeleri özünde jemlemek bilen jemgyýete we onuň ösüşiniň esasy ugurlaryny-ruhubelentligi şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşi salgy berdi. Ýurdumyzyň Konstitusyýamyzyň astyndaky okgunly ösüşine syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda özgertmeleriň giň möçberliligi mahsusdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kuwwatly, pajarlap ösýän hem-de parahat we ylalaşdyryjy ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da berkitmek döwrümiziň esasy wezipesidir.
.
Oguljennet ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň hindi dili mugallymy.
Teswirler