Konstitusiýa – asudalygyň beýany

18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabara bilen bellenilýär. Mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda baýramçylyk hökmünde geçirilýär. Şol gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri bolýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde giňden dabaralandyrylýandygynyň nyşany bolup durýar.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän belent başly Konstitusiýa binasy ýurdumyzyň, türkmen halkynyň we milli Liderimiziň halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren beýik sepgitleri özünde jemleýän ajaýyp binadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň täze taryhynyň esasy gazananlarynyň biri bolmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň binýatlyk ugurlaryny, şeýle hem her bir raýat üçin wajyp bolan parahatçylyk, döredijilik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz hem-de belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda döredijilikli ösdürilýän resminamadyr. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň köp ýurtlarynda buýsançly parlamagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde bitaraplyk, parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde guralan dabaralar, baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär.

.

Şirmuhammet Amanow,

TDIM HGI-niň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji yyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok