Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentine koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.
Mejlisiň barşynda, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.
Mundan başga-da, koronawirus pandemiýasyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň netijeliliginiň ýokarylygy göz öňünde tutulyp, Birleşen Arap Emirliklerine şeýle-de Germaniýanyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede 1 gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady.
Teswirler