Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentine koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.
Mejlisiň barşynda, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.
Şeýle-de, Döwlet Baştutanyna, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmak boýunça teklip berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady.
Teswirler