Täsin deňiz kenarlary hakynda

Çüýşeli kenar, Kaliforniýa: Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky bu täsin ýere köp ýyllaryň dowamynda çüýşeler taşlanypdyr. Çüýşe gaplar deňiz tolkunlarynyň urmagy netijesinde täsin görnüşi emele getiripdir. Şeýlelikde, dürli reňkli çagyl daşlary we çägelik emele gelipdir.

Ýerasty deňiz, Mariýeta: Meksika degişli adada örän täsin ýerasty kenarýaka bar. Oňa suwdan gaty dar ötükden geçmek arkaly ýa-da gür jeňňellikleriň içinden geçip baryp bolýar. Bu ýeriň geçen asyryň başlarynda dörändigi aýdylýar.

Ýagty saçýan tolkunlar: Maldiw adalaryndaky gijelerine kenara urýan tolkunlar gök reňkli ýagtylyk saçýar. Munuň sebäbiniň deňizde ýaşaýan fitoplankton atly örän kiçi jandarlardygy aýdylýar. Bu jandarlaryň deňziň ýüzüne golaý ýerlerinde ýaşaýan görnüşleri ýagty saçýar. Deňizdäki jandarlar tolkunyň täsiri hem-de ýyldyzlaryň ýagtylygynyň deňziň üstüne düşmegi netijesinde emele gelýär. Bu täsin tebigy hadysa Waadu adasynda has oňat görünýär. Ýaz paslynyň ahyrynda duş gelýän bu hadysany görmek üçin Maldiw adalaryna her ýylda müňlerçe syýahatçy barýar.

Kafedral sütünleri, Ribadeo: Ispaniýanyň günbatar kenarlaryndaky daş sütünler ýyllaryň dowamynda deňiz tolkunlarynyň dik kenara urmagy netijesinde emele gelipdir.

Gülgüne çägeli kenar: Amerikada ýerleşýän Bagam adalaryndaky gülgüne reňkli çägelik kenara çykan merjen galyndylarynyň netijesinde emele gelipdir. Suwuň güýji bu galyndylary pytradyp, ownujak böleklere bölüpdir.

Maho: Karib deňzindäki Sint-Marten adasynyň meýdany 87 inedördül kilometre ýetýär. 80 müňe golaý ilat ýaşaýan ada dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk nokatlarynyň biri hasaplanýar. Şeýle bolansoň, bu ýerdäki halkara howa menzili hem deňiz kenaryna golaý gurlupdyr. Gonmak üçin aşaklaýan uçarlar deňiz kenarynda dynç alýanlaryň üstünden guşuçar belentlikden geçýär. Bu bolsa täsin görnüşi emele getirýär.

Koekohe: Täze Zelandiýanyň kenarlarynda togalak daşlar duş gelýär. Olara ýerli halk “Aždarha ýumurtgasy” hem diýýär. Çökündiden dörän daşlary tolkunlaryň ýonmagy netijesinde bu şekilleriň emele gelendigi aýdylýar. Şeýle daşlar dünýäniň beýleki ýerlerinde hem gabat gelýär.

Ýaşyl çägeli kenar: Ýuwaş ummanynda ýerleşýän Gawaýidäki ýaşyl çägäniň emele gelmegine wulkanlaryň atylyp çykmagy sebäp bolupdyr. Deňze guýlup sowan wulkan läbigi oliwin atly mineraly emele getirýär. Soňra bolsa bu läbik tolkun netijesinde kenara çykyp, ýaşyl reňkli çägä öwrülýär.

Gara çägeli kenar: Gawaýide gara çägeli kenar hem duş gelýär. Adanyň Punaluu atly ýerinde gara çägelik hem wulkan netijesinde döräpdir.

Gyzyl çägeli kenar, Galapagos: Ekwador Respublikasyndaky adada täsin jandarlar ýaşaýar. Hatda seýilgähde gezelenç edip ýörkäňiz oturgyçda dynç alyp ýatan düwlene, deňiz kenarynda iri süýrenijilere hem gabat gelmegiňiz mümkin. Emma adadaky täsinlikler diňe bulardan ybarat däl. Bu ýerdäki gyzyl çägeler wulkanyň atylmagy netijesinde döräpdir. Demir magdanyna baý wulkan läbiginiň gumuň reňkiniň gyzyl bolmagyna sebäp bolýandygy aýdylýar.

Balykgulakly kenar: ABŞ-nyň Florida ştatynyň Sanibel adasynda ýaýylyp ýatan balykgulak çanaklary owadanlygy bilen ünsüňi çekýär. Dünýäniň beýleki ýerlerinde hem şeýle kenarlar az däl. Emma bu ýerde balykgulaklaryň 400-den gowrak görnüşiniň ýaşamagy deňiz kenaryny has owadan edip görkezýär.

Gowakly kenar: Portugaliýanyň günortasyndaky Algarwi sebitiniň kenarýakalarynyň topragynyň düzüminde köp mukdarda hek daşy bar. Aňsatlyk bilen ereýän hek daşy, suwuň urmagy netijesinde kenaryň oýulyp, gowaklaryň döremegine sebäp bolupdyr.

.

Rahman GURBANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika
we inženerçilik fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok