Plastik galyndylardan myhmanhana

Fransiýaly işewür we oýlap tapyjy Erik Bekker Şyrmaýy kenar Respublikasynyň Abidjan şäherinde dynç almak üçin ýüzýän myhmanhana döretdi. Müň inderdül metrden gowrak meýdanda restoran, iki sany uly howuz, dürli agaç we gülleriň ösüp oturan bagy bar. Bu ýüzýän myhmanhananyň esasy aýratynlygy, onda plastik galyndylaryň ulanylmagydyr. Munuň üçin 700 müň sany plastik çüýşe ulanylypdyr. Häzirki wagtda ýüzýän adanyň plastik galyndylarynyň agramy 200 tona barabardyr. Bu ýerde Gün panelleri oturdylyp, elektrik togy ulanylýar.

Bu adada her hepde 100 adam dynç alýar. Geljekde onuň ekologiýa taýdan has arassa bolmagy üçin tagallalaryň ediljekdigi barada hem maglumatlar bar.

.

DÖWRAN HANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalar
fakultetiniň 1-nji NGDSG hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok