Ekologiýany goramak öz elimizde

Ylmy-barlag işlerinde we tehnologiýada gazanylan üstünlikler ekologiýany arassa saklamak arkaly ýaşyl planetamyzy goramagyň täze usullaryny öwretdi. Şeýle möhüm işe çynlakaý çemeleşýän adamlaryň sany bolsa, gün-günden köpelýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşyl durmuş ýörelgesini saýlap almak has hem aňsatlaşdy. Ekologiýany arassa saklamak düşünjesini ýaşaýşymyza we endiklerimize ornaşdyrmak, ýaşyl durmuşyň özenini düzýär. Daşky gurşawy arassa saklamaga bolan islegiň döremegi ähmiýetlidir. Isleg döräninden soňra bolsa, ýekeje sorag ýüze çykýar – nämeden başlamaly?

1. Köp gezeklik gap-çanaklary ulanyň! Köp gezek ulanylýan gap-çanaklary we bulgurlary ulanyň! Muny endik edinmek bilen zibiliň azalmagyna goşant goşup bilersiňiz. Bir gezeklik esbaplary ulanmak wagtyňy tygşytlasa hem, olardan emele gelýän zibiller daş-töweregiň arassaçylygyna zeper ýetirýär.

2. Gaýtadan işlemäge goşant goşuň! Ekologiýany goramagyň iň aňsat we täsirli usuly gaýtadan işleýän senagata goşant goşmakdyr. Öýüňizde aýna, plastik, kagyz we beýleki gaýtadan işlenilýän zibiller üçin niýetlenen aýratyn gutulary ýerleşdiriň! Üýşen zibili aýratynlykda gaýtadan işleýän edaralara ýa-da kärhanalara tabşyryň! Şeýle etmek bilen, siz zibilleriň azalmagyna kömek edip bilersiňiz.

3. Plastik çüýşeleri ulanmagy azaldyň! Bir gezeklik, ýagny suw ýa-da beýleki içgiler üçin ulanylýan plastik çüýşeler ekologiýa üçin esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şeýle hem olar çykdajylydyr. Bir gezeklik ulanylýan plastik çüýşeli suw satyn alanyňyzdan, hem puluňyzy tygşytlamak üçin, hem-de tebigaty goramak üçin köp gezeklik ulanylýan çüýşeleri ulanyň!

4. Öýüňize suw arassalaýjy enjam ýerleşdirmek plastik çüýşeleri ulanmagyňyzy has hem azaldar. Diňe gerek harytlaryňyzy satyn alyň! Naharlary öňünden meýilleşdirmek, olaryň sanawyny düzüp, şoňa görä satyn almak, şeýle hem diňe özüňize gerekli harytlary almak bilen daş-töweregi goramaga goşant goşup bilersiňiz. Bu endik size puluňyzy hem tygşytlamaga kömek eder. Azyk önümlerini hepdelik meýilnama esasynda satyn alyň! Şeýle etmek bilen, dünýädäki zibilleriň azalmagyna goşant goşarsyňyz.

.

Azamat JUMAGULYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik
desgalar fakultetiniň 1-nji E we E hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok