Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentine koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.
Mejlisiň barşynda, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.
Döwlet Baştutanyna, şu ýylyň 15-nji maýyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine başlamak baradaky teklip berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady.
Teswirler