Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze metjitler gurlar

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleri Türkmenistanyň Prezidentine, ilatyň haýyşyny nazara alyp, sebitlerde täze metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak baradaky teklipleri bilen ýüzlendiler. Şuňa laýyklykda,

  • Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde;
  • Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde;
  • Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda;
  • Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda;
  • Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binalaryň gurlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok