Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyş döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowylandyrmak maksady bilen netijeli işler amala aşyrylýar. Dünýäniň iň gözel şäheri bolan Aşgabady döwrebap ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ösüşe depgini durnukly ýokarlanýan şähere öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylan gününden başlap, ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky giň möçberli maksatnamalary öňe sürdi. Şol ugur bilen ýurdumyzyň çar künjüni gurşap almak bilen, häzirki wagtda öziniň ajaýyp miwelerini berýär, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at—abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar. Рaýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurluşyk işleri boýunça möhüm ähmiýetli ýokary hilli taslamalaryň we öz wagtynda ýerine ýetirilşini üns merkezinde saklaýar.
Diýarymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Şäheriň çäklerinde ekilýän baglaryň, dürli gülleriň sany artýar, seýilgäh toplumlarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň özboluşly keşbini has-da gözelleşdirýär.
Umuman, hemişelik Bitarap Türkmenistan iri syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy iş merkezi bolup durýar. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, alyp barýan syýasatlary bilen şu günki günde gözel paýtagtymyzy has-da ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, parahat asmanda, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Hemişelik baky Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar.
.
Kerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler