Şu gün 2-nji maýda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine baryp gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şeýle-de bu ýerdäki çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy.
Soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen bilelikde toplumyň çaýhanasyna bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz merkezde hödürlenilýän hyzmatlar üçin minnetdarlyk bildirip, agtyklary bilen bu ýerden ugrady.
Teswirler