Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmaga höwes bildirýän ýurdumyzyň ýokar okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar çagyrylýar. Bäsleşik 2022-nji ýylyň maý aýynyň 12-sinde geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi tdu.edu.tm web sahypasynyň “Bäsleşik” bölüminde tanyşyp bilersiňiz.
Diýar Yhtyýarow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň V ýyl talyby.
Teswirler