Hytaýda iki sany robot taksi kompaniýasyna degişli sürüjisiz taksiler paýtagt Pekinde ulanmak üçin rugsat berildi.
Paýtagt Pekinde “Baidu Inc.” we “Pony.ai” kompaniýalary sürüjisiz taksileri ulanyşa bermek boýunça ilkinji ygtyýarnamany aldy. Ygtyýarnama paýtagtyň günorta böleginde ýerleşýän Yizhuang etrabynda 60 inedördül kilometr meýdanda 14 sany öz-özüni dolandyrýan ulaga ýolagçy gatnatmaga rugsat berdi. Hytaý metbugatynda berlen habarlarda berlen rugsadyň öz-özüni dolandyrýan ulaglaryň ýaýramagy baradaky kanuny düzgünleriň öňünde hiç hili päsgelçiligiň ýokdugy barada aýdylýar.
Howpsuzlygy üpjün etmek üçin ulaglaryň öňdäki oturgyjynda nobatçy adam oturar. “Baidu Inc.” kompaniýasynyň beren beýanatynda awtonom ulaglara “Apollon Go” atly ykjam programma arkaly jaň edilip we ulanylyp bilinjekdigi aýdylýar. Kompaniýa ýene 30 robot taksisini işe girizmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. “Baidu Inc.” kompaniýasy 6 aýyň içinde Pekinde doly awtonom ulaglaryň ulanyşa çykmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi.
Iki kompaniýa sürüjisi bilen synag hyzmatyny geçirmäge we geçen ýylyň noýabr aýynda Yizhuangda kesgitlenen synag meýdançasyndaky ulanyjylardan ýol üçin tölegleri almaga rugsat berildi.
Jeren TOÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler