“HALYPALAR MEKDEBINIŇ” sahypasyndan

Şamuhammet GANDYMOW (1944-2021) – filologiýa ylymlarynyň kandidaty, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

Şamuhammet Gandymow 1944-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda dogulýar. Ol 1960-njy ýylda şol obadaky orta mekdebi tamamlap, şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň agşamky bölümine okuwa girýär. Şamuhammet Gandymow bir ýyl okanyndan soňra uniwersitetiň gündizki bölümine geçirilýär. Ol heniz talyp wagty edebiýat ylmy bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Halyl Kulyýewiň ýolbaşçylygynda “1930-njy ýyllaryň dramaturgiýasynda gapma-garşylyk” diýen temada diplom işini ýazýar. 1969-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar.

Şamuhammet Gandymow 1969-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym“ neşirýatynyň redaktory wezipesinde işe başlaýar (1969-1975ýý.). Şol ýyllarda “Kätibi we onuň XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny” diýen temada kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlaýar we 1975-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesi berilýär (Diplom МФЛ №010094). Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri, uly ylmy işgäri, direktoryñ ylmy işleri boýunça orunbasary, bölüm müdiri (1975-1991ýý.) wezipelerinde işleýär.

Edebiýatşynas alym Şamuhammet Gandymow 1991-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy wezipesinde işe başlaýar. Şol ýerde gündogar dilleri we edebiýaty kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji (1992-1993ýý.), türkmen edebiýaty kafedrasynyň dosenti (1994-1997ýý.), türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň dekany, türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri (1997-2001ýý.), rus dili we edebiýaty fakultetiniň dekany (2001-2002ýý.), jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri (2002-2010ýý.), türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy, kafedra müdiri (2010-2021ýý.) wezipelerinde işledi.

Hormatly mugallym institutymyzda işlän döwründe geljekki dünýä dilleri boýunça hünärmen boljak mugallymlara, terjimeçilere türkmen edebiýaty boýunça sapak berdi, aspirantlaryň-dalaşgärleriň birnäçesiniň ylmy işlerine ýolbaşçylyk etdi we olary ylym dünýäsiniň inçe syrlaryny öwrenmäge, derňemäge we netije çykarmaga gönükdirdi. Şonuň bilen bir wagtda ylmy gözleglerini hem dowam etdirdi. Alym mugallymyň ýolbaşçylygynda we redaktorlygynda birnäçe okuw gollanmalary, kitaplar, ylmy ýygyndylar taýýarlanyldy we neşir edildi. Olardan mugallymçylyk ylymlarynyň kandidaty T. Tagandurdyýew bilen bilelikde taýýarlan “Türkmen edebiýatynyň altyn asyry” (Ylym neşirýaty, 2002ý.) atly okuw gollanmasy XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Andalyp, Azady, Şabende, Magtymguly, Magrupy, Şeýdaýy ýaly nusgawy şahyrlaryň ömri-döredijiligi barada söz açylýar. Şamuhammet aganyň edebiýat ylmynyň döwrebap meseleleri, türkmen poeziýasynyň meseleleri, milli edebiýatymyzyň dürli döwürlerdäki ösüş aýratynlyklary barada birnäçe ylmy makalalary metbugatda yzygiderli çap edildi.

Şamuhammet Gandymowyň ýazan ylmy işleri we çapa taýýarlan kitaplary geçen asyryň 80-nji ýyllarynda okyjylara ýetirilip başlanypdyr. Onuň ilkinji işleriniň biri bolan “Kätibiniň şahyrana dünýäsi” (“Ylym” neşirýaty, 1981ý.) kitaby türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Kätibiniň döredijiligine we şahyrana dünýäsine bagyşlanýar. 1983-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp şahyryň öň çap edilmedik goşgularynyň 100-den gowragy ýerleşdirilen iki jiltlik kitap taýýarlanylýar. Oňa B. Garryýew, M.Kösäýew, R.Rejepow bilen bilelikde Şamuhammet Gandymow hem redaksion toparyň agzasy bolup gatnaşýar.

Alymyň edebi gözlegleriniň arasynda onuň milli edebiýatlaryň özara hyzmatdaşlygy meseleleri aýratyn orna eýedir. Onuň “Türkmen edebiýaty we SSSR halklarynyň edebiýaty” (“Ylym”, 1980ý.), “Türkmen edebiýaty we olaryň daşary ýurt edebiýatlary bilen bilen gatnaşygy” (“Ylym”, 1981ý.) atly edebi-bibliografik görkezijileri taýýarlamak, redaktirlemek, neşir etmek işine hem möhüm goşandy boldy. Hormatly alymyň edebiýat ylmynda bitiren işleri barada N. Annamuhammedowanyň “Edebiýatşynas alym” atly makalasynda giňişleýin maglumat berilýär (“Garagum” žurnaly, 2013., №9.). Ş.Gandymowyň gazet-žurnallarda 160-dan gowrak makalalary çap edilýär.

Şamuhammet Gandymow 1997-nji we 2001-nji ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda bolup, Magtymguly Pyragynyň kümmetine zyýarat eden alym.
Hormatly alym edebiýat ylmynda bitiren işleri, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, aňly-düşünjeli edip ýetişdirmekde alyp baran irginsiz, asylly, päk zähmeti üçin birnäçe gezek abraýly sylaglara mynasyp bolupdyr. Ol 1965-nji ýylda “1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda faşistik Germaniýany ýeňmegiň 20 ýyllygy” medaly; 1996-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly; 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanylýar. 2001-nji ýylda Şamuhammet Gandymowa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Türkmenistanyň ussat mugallymy” atly hormatly at dakylýar.

Şamuhammet aga institutymyzyň işgärler toparynyň, okadan talyplarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanan alym. Hormatly mugallymyň ady hemişe ýagşylykda ýatlanyp, onuň nurana keşbi, sypaýy adamkärçilikli häsiýeti, parasatly öwüt-ündewleri biziň hakydamyzda ömürbaky ýatdan çykmajak keşp bolup galar.

Maýa ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok