Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň resmi saýty döredildi

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň resmi saýty işläp başlady. Ol «www.derya-ohom.edu.tm» salgysynda ýerleşýär.

Resmi saýt iki dilde ýagny türkmen we rus dillerinde işleýär. Eýýäm saýtyň ýokarky bölüminden onuň haýsy hünär ojagyna degişlidigini, habarlaşmak üçin telefon belgilerini we elektron poçta salgysyny görmek bolýar.

Baş sahypasyny mekdebiň esasy binasynyň suraty bezeýän saýt «Baş sahypa», «Mekdep barada», «Habarlar», «Habarlaşmak» we «Töleg» sahypalaryndan ybarat.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok