Tebigaty goramak – jemgyýetiň möhüm wezipesidir

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hökümetimiziň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ekologiýa meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir, sebäbi ekologiýa adamzadyň ýaşaýşyna özüniň düýpli täsirini ýetirýär.

Türmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen ilkinji günlerinde ähli türkmen halky bilen jebisleşip, köpçülikleýin bag ekişlik dabarasyna gatnaşmagy ekologiýa abadançygyny saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bize nusgalyk görelde boldy. Ekologiýa meselelerini çözmekde, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bütin dünýäniň döwletleri we abraýly Halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar we durmuşa geçirilýär.

Ýaňy ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyñ Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherine Halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy hakyndaky hoş habar türkmen halkynyň kalbynda Watanymyza bolan guwanç hem-de buýsanç duýgularyny has-da joşdurdy.

Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirýär. Şonuň ýaly hem ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa meseleleri boýunça birnäçe kanunlar hereket edýär. Olaryň hatarynda “Tebigaty goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

.

Meretgül MÄLIKOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok