27-njy aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda II açyk Halkara matematika olimpiadasy öz işine başlady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilip geçilýär.
Bu bäsleşik ýokary derejede guralyp, özara bäsleşmek üçin 42 döwletden 103 ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar. 700-den gowrak talyplaryň özara bäsleşjek bu halkara olimpiadasy türkmen we iňlis dilinde online görnüşde geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde 30-njy aprelde mälim ediler.
Şahsy bäsleşik – iki derejä bölüner. Birinjisinde matematika we informatika ugrundan bilim alýan talyplar, ikinjide – oňa ugurdaş bolmadyk ugurlardan bilim alýanlar gatnaşarlar. Bäsleşige gantaşýanlara 6 mesele we olary çözmäge 240 minut (4 sagat) wagt berler.
Toparlaýyn bäsleşik – hünärine garamazdan hatarynda 4 adamdan köp bolmadyk toparlar gatnaşarlar. Toparlar iki sagatda (120 minutda) 10 mesele çözerler.
Şeýle-de okaň:
OMOUS-2022 – matematika boýunça açyk olimpidasy
Aýjahan ÖWETDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler